SSSR-iň bu onýyllygy, onuň soňunyň başlangyjynyň alamatydy. Ýöne “demir perdäniň” arkasynda şäherlerde we obalarda durmuş geçip gitdi. Ruslar ellerinden geldigiçe keýpi-sapalyk etdiler. Hemme suratlar “Russiainphoto.ru” foto arhiwiniň rugsady esasynda düzüldi.
1980-nji ýyllarda Russiýa: Şampan we durgunlyk ýyllary

1
1980-nji ýylda gije daşary çykmazdan ozal, özüne serenjam berýän zenan

2
1988-nji ýylda SSSR-iň “Buran” älem gämisi ýollaýyş nokadyna tarap hereket etdi. Gämi şol ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrdy we ekipažsyz Ýeriň orbitasyna ýerleşmegi başardy. Soňra Sowet Soýuzynyň ýykylmagy sebäpli ol hemişelik ýere gonduryldy. 2002-nji ýylda turan tupanda Buranyň saklaýyş angary ýumrulmagy sebäpli 8 işçi öldi we gämini ýok etdi.

3
1980-nji ýylda Russiýanyň nebite baý Hazar deňziniň kenarynda ýangyn söndürijiler çykan ýangynyň kölegesinde galdylar.

4
Altaý daglarynda çopan gyz goýunlaryny bakýar. 1980-nji ýyl