AÝ/AR-yň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has kän surat görmek isleseň, Picture This arhiwimize gel.
Region görnüşleri #11
5
Kosmonawtlar Ýelena Serowa (Ç), Aleksandr Samokutaýew we NASA astronawty Barry Wilmore (S) Gazagystanda ýere gonanlaryndan soň, öz Soýuz TMA-14M kosmos gämileriniň gapdalynda otyrlar. 12-nji mart. Olar tas alty aýlap Halkara Kosmos stansiýasynda boldular. (AFP/Bill Ingalls)
6
Bosnia polisiýasy proteste garşy durmak tälimini alýar. Nemila, 11-nji mart. (Roýters/Dado Ruvic)
7
Demonstrantlar Stambulda bir ýyl ozal polisiýanyň ulanan göz ýaşardyjy gazyndan ölen ýetginjegiň hormatyna guralan ýygnanyşyk mahalynda polisiýa bilen çaknyşýar. 11-nji mart. (epa/Ulas Yunus Tosun)
8
Rus ýangyn söndürijileri Kazandaky Söwda merkezinde ot öçürýär. 11-nji mart. (TASS/Yegor Aleyev)