AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #28
5
Demirgazyk Irlandiýadaky britaniýaçy Wepadarlar orderleriniň agzalary tarapyndan Onikinji iýul baýramçylygy bellenende Belfastedäki Sendi-Row etrabynda ýarylan benzin bomasyndan turan ýangyny surata alýan tigirli adam. (Reuters/Clodagh Kilcoyne)
6
Gazagystan, 2017 Ýüpek ýol ýaryşynyň Astanadan Semeýe çenli bäsleeşiginiň geçýän wagtynda milli gazak lybasynda surata düşýän aýallar. 12-nji iýul. (epa/Olivier Anrigo)
7
Protestçiler parlament binasynyň golaýynda Baş prokuratura tarapyndan korrupsiýada güman edilýän birnäçe deputatyň deputatlyk eldegrilmesizliginiň aýrylmagyny talap edýärler. Kiýew, 11-nji iýul. (Reuters/Valentyn Ogrienko)
8
Wezuwiý dagyndaky wulkanyň tüssesiniň fonunda deňizde suwa düşýän çagalar. Naples, Italiýa, 11-nji iýul. (epa/Cesare Abbate)