AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #31
5
Aşa prowaslaw ýewreý Iýerusalimde ýyllyk geý paradyna garşy protest bildirýär. 2-nji awgust. (AFP/Menahem Kahana)
6
Zimbabweli esger Harareniň köçesinde ýurduň umumy saýlawlarynda ýol berlendigi aýdylýan galplyga protest bildirýän adamy urýar. (AFP/Zinyange Auntony)
7
Şweýsariýda, Kandersteg bilen Leukerbad aralygynda, Gemmi Pasyň golaýynda ýyllyk çopanlar festiwalyna 700 çemesi goýun toplandy. Bu festiwalda çopanlar we daýhanlar duşuşýar we adamlar uçut gaýadan Dauben kölüne tarap aşak kowulýan goýunlara tomaşa edýärler. (EPA-EFE/Jean-Christophe Bott)
8
Meşhur horwat aýdymçysy Oliwer Dragoýewiçiň jesedini alyp barýan katamaranyň yzyndan gämili barýan adamlar. 70 ýaşynda öýken düwnüginden ýogalan bagşy Splitde jaýlandy. (Reuters/Antonio Bronic)