AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #42
13
17-nji oktýabr. Rojda Felat, Siriýanyň Demokratik güýçleriniň komandiri Rakkanyň Al-Naim skwerinde öz toparynyň baýdagyny galgadýar. ABŞ goldawyndaky gýüçler Rakkany YD-dan saplap, öz ellerine geçirdiler. (AFP/Bulent Kilic)
14
Ozalky Atlantika, häzirki Ophelia tupany Porskawldan, Walesden geçip, çyraly jaýyň üstünden aşýar. 16-njy oktýabr. (Reuters/Rebecca Naden)
15
Ýangyn wagtynda mallaryny sürüp barýan adamlar. Vieira de Leiria, Marinha Grande, Portugal, 16-njy oktýabr. Tokaý ýangynlary azyndan 27 adamy öldürdi. (epa-EFE/Ricardo Graca)
16
Ukrain harby gullukçylary 120mm minomýot oklaryndan ýasalan 35 kg agramly ştangany ulanyp, türgenleşýärler. Vodyane obasy, Donetsk regiony. (epa-EFE/Sergei Vaganov)