AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #42
21
16-njy oktýabr, Yrak. Yrak goşunlary kürt söweşijilerine garşy operasiýada Kerkuk şäheriniň merkezine aralaşan wagtynda kürt baýdagyny süýräp gelýän oglan. (AFP/Ahmad al-Rubaye)
22
Dolandyryjy Sosial demokratik birleşigiň tarapdarlary Skopýede ýerli saýlawlarda gazanylan ýeňişden soň makedon baýdagyny galgadýarlar. 16-njy oktýabr. (Reuters/Ognen Teofilovski)
23
Yrak howpsuzlyk güýçleriniň agzalary harby maşynlarda Kerkuga girýärler. 16-njy oktýabr. (Reuters)
24
Siriýanyň ABŞ goldawyndaky Demokratik güýçleriniň agzasy Rakkadaky bir binanyň içinde front liniýasyna seredýär. 16-njy oktýabr. (AFP/Bulent Kilic)