AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #44
5
Hindistan-Pakistan halkara serhediniň golaýynda, Jammudan 25 kilometr uzaklykda hindi daýhanlary ekin meýdanlaryndaky şaly hasylyny ýygnaýarlar. (epa-EFE/Jaipal Singh)
6
Siriýanyň pitneçileriň gol astyndaky Douma sebitinde geçirilen harby dabarada "Jaiş al-Yslam" toparynyň bir esgeri oduň ýokarsyndaky demir tegelegiň içinden böküp geçýär. "Jaiş al-Yslam" topary Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän raýat urşunda siriýa hökümetine garşy göreşýän esasy pitneçi toparlaryň biridir. (epa-EFE/Mohammed Badra)
7
Minskde bir gyz Albert Eýnşteýniň keşbini şekillendirýän eseriň öňünden geçip barýar. (AFP/Sergei Gapon)
8
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we rus prawoslaw kilisesiniň ýolbaşçysy Patriarh Kirill sowet döwrüniň syýasy repressiýasynyň pidalarynyň hatyrasyna gurlan ýurduň ilkinji milli ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarlar. Moskwada ýerleşýän bu ýadygärlik "Hasrat diwary" diýlip atlandyrylýar. (Reuters/Alexander Nemenov)