AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #47
9
Fikret Aliç 22-nji noýabrda, bosniýaly serp harby komandiri Ratko Mladiçiň hökümine garaşylýan günde "Time" žurnalynyň 1992-nji ýylda özüni serp kontrollygyndaky daşy tikenli simli türme lagerinde görkezen neşirini elin alyp, Haaga sapar edýär. Maladiç ömürlik tussaglyga höküm edildi. (epa-EFE/Freek van den Bergh)
10
Arwah sypatynda geýnen adam Krampus tomaşasynda çykyş edýär. Goricane, Sloweniýa. (Reuters/Borut Zivulovic)
11
Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) we onuň ýarany, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad gujaklaşyp görüşýär. Soçi, 20-nji noýabr, 2017 ý. (AFP/Mikhail Klimentyev)
12
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri ysraýyl goşunyna esger alynmagyna garşy guralan protesti dargadyp, aşa prowaslaw ýewreý demonstrasiýaçysyny äkidip barýar. Bnei Brak, Tel-Aiwiň golaýyndaky şäher. (AFP/Ahmad Gharabli)