AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #51
5
Buharest, rumyn harby maşgalalarynyň Kristmas baýramçylygy mahalynda dynç alýan gyzjagaz. 21-nji dekabr. (AP/Vadim Ghirda)
6
Rumyniýa, Buharets, 1989-njy ýyldaky gozgalaňyň pidalarynyň ýatlama çäresinde hormat garawulynda duran esger gözlerini ýumýar. Kommunistlere garşy gozgalaň müňden gowrak adamyň ölümine getirdi, diktator Nikolaý Çauşeskunyň dolandyryşyny soňlady. (AP/Vadim Ghirda)
7
Rohinga bosgunlar, iki dogan Nur Kaida (sagda) we Ruhana bir-birini gujaklaýar. Palongkhali bosgun lageri, Kohyň bazary, Bangladeş. (Reuters/Marko Djurica)
8
Rus pitneçileri tarapyndan kontrollykda saklanylýan Ýasinowataýa obasynda topa tutulan haýyny synlaýan aýal. Donetsk, günogar Ukraina. (epa-EFE/Aleksandr Ermochenko)