AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #51
21
Buharest, rumyn kanunçylyk sistemasyna girizilmekçi bolýan üýtgeşemelere garşy çykyp, hökümet binasynyň daşynda ýewropa we rumyn baýdaklaryny tutup duran adam. (AFP/Daniel Mihailescu)
22
Kiýew, işçiler gar artýarlar. 18-nji dekabr. (Reuters/Valentyn Ogirenko)
23
Owgan erkekleri Kabulyň eteginde gar basan meýdanda kriket oýnaýarlar. (Reuters/Mohammad Ismail)
24
Yrakly kürtler Baýdak gününi belleýärler. Erbil, 17-nji dekabr. (AFP/Safin Hamed)