Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pilotsyz uçar hüjüminden soň, Tatarystanda iki aeroport wagtlaýyn ýapyldy


Kazan halkara aeroporty (Arhiw suraty)
Kazan halkara aeroporty (Arhiw suraty)

Russiýanyň Tatarystan sebitiniň ýolbaşçylary pilotsyz uçar hüjüminiň yzysüre, 15-nji maýda "howpsuzlyk sebäpli" iki esasy aeroporty birnäçe sagatlap ýapdylar. Bu aeroportlaryň biri sebitiň paýtagty Kazanda, beýlekisi Nižnekamsk şäherinde ýerleşýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi "uçar görnüşindäki ukrain pilotsyz uçarynyň" ýerli wagt bilen sagat 7:30-da Tatarystanyň üstündäki howa giňişliginde urlup ýykylandygyny aýtdy.

Geçen aý pilotsyz uçarlar Tatarystandaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda we Nižnekamskdaky Alabuga diýlip atlandyrylýan ýörite ykdysady zonadaky umumy ýaşaýyş jaýyna zarba urdular.

Bu zonada 20-den gowrak senagat kärhanasy, şol sanda himiýa, mehaniki inženerçilik we metal arassalaýyş zawodlary ýerleşýär. Şeýle-de, bu ýerde pilotsyz uçarlaryň öndürilýändigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG