Polisiýa Moskwada ýüzläp protestçini tussag etdi
Polisiýa Moskwada 12-nji maýda derňewçi žurnalist, galplaşdyrylan neşe aýyplamasy esasynda tussag edilen Iwan Golunowyň boşadylmagyna basyş etmek üçin geçirilmekçi bolan ýörişe gatnaşmaga gelen demonstrantlaryň onlarçasyny tussag etdi. Rus paýtagtynyň merkezinde tussag edilenleriň arasynda oppozisiýadaky syýasatçy Alekseý Nawalny we birnäçe žurnalist hem bar.