Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň PM-i Morawieski: Polşa indi Ukrainany ýaraglandyrmaz


Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieski 
Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieski 

Kiýewiň Russiýanyň çozuşyna garşy alyp barýan urşunyň esasy pursadynda iki ýaranyň çaknyşmagy bilen, Polşa mundan beýläk Ukrainany ýaraglandyrmajakdygyny we bar ünsüni öz goragyna jemlejekdigini aýtdy.

Ukrainadan edilýän galla eksportynyň üstünde barýan dawanyň ulalmagy netijesinde, Polşa 20-nji sentýabrda Ukrainanyň ilçisini çagyryp, prezident Wolodymyr Zelenskiniň BMG-de eden çykyşynda aýdan käbir sözlerine nägilelik bildirdi.

Ukrain lideri öz çykyşynda käbir ýurtlaryň öz milletini diňe goldan bolýandyklaryny aýtdy.

Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieski bu dawa barada berlen soraga: "Biz indi Ukraina ýarag ibermeýäris, sebäbi biz Polşany has döwrebap ýaraglar bilen ýaraglandyrýarys" diýip jogap berdi.

XS
SM
MD
LG