Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow ÝHHG-niň baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy

ÝHHG-niň baş sekretary Helga Şmid (arhiw suraty)
ÝHHG-niň baş sekretary Helga Şmid (arhiw suraty)

5-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmakda ÝHHG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy tassyklanylypdyr.

Mundan başga-da, energetika hem geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde nygtalypdyr. Berdimuhamedow energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, olary üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtapdyr.

Helge Şmid Türkmenistana 4-6-nji mart aralygynda sapar edýär. Onuň saparyna gabat hukuk goraýjylar Şmide türkmen häkimiýetleriň žurnalistleri we aktiwistleri yzarlamagyny dowam etdirýändigine üns bermäge, şeýle-de Türkmenistanda adam hukuklary babatynda bar bolan meselelerde möhüm özgeriş bolmasa, onda Aşgabat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meýillerden el çekmäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG