Hakyna tutulan söweşijileriň hususy "Wagner” toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožiniň metbugat gullugy özüni podpolkownik, 72-nji motorly atyjylyk brigadasynyň serkerdesi Roman Wenewitin diýip atlandyrýan rus harbysynyň sorag edilişini görkezýän wideony çap etdi.
Görnüşinden, soraga çekilen serkerde Ukrainanyň gündogaryndaky front liniýasynda bolan konfliktden soň tussag edilip, wagnerçiler tarapyndan ýaragsyzlandyrylana meňzeýär.
Biraz öň çap edilen habara görä, "Wagner” toparynyň söweşijileri 17-nji maýda Bahmutdan uzak bolmadyk Semigorýe obasynyň ýanynda rus goşunynyň esgerleri bilen atyşyga girmeli boldy. Dokumentde tassyklanylmagyna görä, hakyna tutulan söweşijiler rus goşunynyň wagnerçileriň yza çekiljek ýollarynda mina goýýandyklaryny görüpdirler.
Olar minalary aýyrmaga synanyşanlarynda gapdaldan, harby gullukçylaryň eýelän pozisiýalaryndan oka tutuldy. Bu söweşde "Ural” awtoulagyna zyýan ýetdi, Wenewitin muny sorag wagtynda boýun alýar.
Munuň rus goşuny bilen wagnerçileriň arasynda bolan we aç-açan habar berlen ilkinji açyk çaknyşyk bolmagy mümkin.
Habarda wagnerçileriň 72-nji motorly atyjylyk brigadasynyň serkerdesi, podpolkownik tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän esgerleriň bir toparyny tussag edendigi aýdylýar.
Tassyklanylmagyna görä, serkerde özüniň serhoş bolandygyny we 'günälidigini' aýdypdyr.