Russiýa Federasiýasynyň Derňew komiteti Twer sebitinde bolan uçar heläkçiliginde ölen on adamyň ählisiniň şahsyýetiniň kesgitlenendigini habar berdi. Agentligiň maglumatyna görä, "olar uçuş sahypasynda görkezilen sanawa laýyk gelýär".
Şu wagta çenli Ýewgeniý Prigožiniň ölendigi barada resmi tassyklama ýokdy.
Telekeçiniň ölümi mundan öň resmi gurama, “Rosawiasiýa”, Federal howa transport gullugy tarapyndan gytaklaýyn tassyk edildi.
Agentligiň maglumatyna görä, ýolagçy sanawynda Prigožiniň we hususy harby kompaniýanyň serkerdesi Dmitriý Utkiniň atlary bar.