Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestlerde ölenleriň sanynyň artmagy bilen, Tramp Eýranyň gepleşik geçirmekçi bolýandygyny aýtdy


Eýranly protestçiler
Eýranly protestçiler

Birleşen Ştatlaryň Tähranyň hökümete garşy köpçülikleýin protestleri rehimsiz basyp ýatyrmagyna jogap hökmünde harby çäre görmek baradaky haýbatlary bilen baglylykda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýolbaşçylarynyň Waşington bilen gepleşik geçirmäge çalyşýandygyny aýtdy.

“Eýranyň liderleri jaň etdiler” diýip, Tramp 11-nji ýanwarda “Air Force One” uçarynda žurnalistlere aýtdy.

Ol sözüniň üstüni ýetirip, “duşuşyk gurnalýar... Olar gepleşik geçirmek isleýärler” diýdi.

Emma muňa garamazdan, Tramp anyklaşdyrman, “Biziň duşuşykdan öň hereket etmeli bolmagymyz hem mümkin” diýdi.

Soňky 15 günüň dowamynda hökümete garşy demonstrasiýalaryň basylyp ýatyrylmagynyň arasynda 500-den gowrak adamyň öldürilendigi baradaky tassyklanmadyk habarlaryň ýaýramagy bilen, Tramp 11-nji ýanwarda özüniň we ABŞ harbylarynyň Eýranda protestçileri goldamak üçin nähili mümkinçilikleriň bolup biljekdigini öwrenýändigini aýtdy.

"Harbylar bu meselä seredýär we biz örän güýçli mümkinçilikleriň käbirini gözden geçirýäris" diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.

Şeýle-de, ol özüniň Eýranyň oppozisiýa liderleri bilen habarlaşýandygyny aýtdy, emma anyk nämeleri ara alyp maslahatlaşmaýandygyny hem aýtmady.

Tähran Trampyň aýdan sözleri bilen baglylykda bada-bar düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG