Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ABŞ sanksiýalaryny Demirgazyk Koreýa bilen ýeňjekdigini aýdýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un bilen duşuşyk wagtynda. Arhiw suraty.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un bilen duşuşyk wagtynda. Arhiw suraty.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 18-nji iýunda Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen Phenýanda geçiriljek sammite ugranda, Moskwanyň Ukrainadaky hereketlerini goldaýandygy üçin, Kim Çen Una minnetdarlyk bildirdi we, bilelikde ABŞ ýolbaşçylygyndaky sanksiýalary ýeňip geçmek tagallasynyň çäginde, öz ýurtlarynyň ýakyn hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.

Putiniň bu sözleri Demirgazyk Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki metbugatynda çap edilen makalada, onuň iki günlük sapara gelmegine garaşylýan wagtynda peýda boldy.

Bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Waşington bilen arada dörän dartgynly gapma-garşylyklar sebäpli çuňlaşdy.

Demirgazyk Koreýa 24 ýylda ilkinji saparyny amala aşyrýan Putin Phenýanyň Moskwanyň Ukrainadaky urşuny goldamagyna örän uly gadyr goýýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG