Rus syýasatçysy, Moskwanyň Ukrainadaky urşunyň togtadylmagy barada aç-açan çagyryş edýän Boris Nadeždin, 17-nji martda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alynmagy üçin, ýurduň Merkezi saýlaw toparyna zerur bolan resminamalaryny tabşyrdy.
Syýasatçynyň web sahypasynda aýdylmagyna görä, 31-nji ýanwara çenli ol 110,000-den gowrak adamyň goluny toplady, bu onuň kandidat hökmünde hasaba alynmagy üçin zerur bolan 100,000 gol çäginden has ýokary bolýar.
Merkezi saýlaw topary 10 gün içinde gollaryň hakykylygyna baha bermeli we Nadeždiniň prezidentlige dalaş etmegine rugsat beriljekdigini ýa-da berilmejekdigini aýtmaly.
Özbegistanda doglan 60 ýaşly syýasatça türmede oturan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň egindeşleri, daşary ýurtlara bosgunlyga çykan oppozisiýa şahsyýetleri Maksim Kats we Mihail Hodorkowskiý dagy hem goldaw berdi.
Şol bir wagtda, Russiýada geçiriljek ses berişlikde häzirki prezident Wladimir Putiniň aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýar. Ol Russiýa 1999-njy ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr hökmünde ýolbaşçylyk edip gelýär.