Russiýa 4-nji sentýabr güni irden, Odesa sebitiniň günortasyna, Ukrainanyň galla eksport edilýän esasy portuna pilotsyz uçarlaryň tapgyrlaýyn zarbasyny urup, rus prezidenti Wladimir Putiniň türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen Gara deňiz galla eksporty şertnamasyny dikeltmek barada geçirjek gepleşikleriniň birnäçe sagat öňünden Dunaý derýasynyň boýundaky ammarlara we önümçilik binalaryna zeper ýetirdi.
Ukrainanyň howa goragy güýçleri ruslaryň uçuran pilotsyz uçarlarynyň 17 sanysyny urup gaçyrdylar, asuda ilatdan ejir çeken bolmady diýip, Odesanyň sebit häkimi Oleg Kiper aýtdy.
"Emma, gynansak-da, çekilen ýitgiler hem bar" diýip, Kiper telegramda ýazdy. "Izmail etrabynyň birnäçe şäherçesinde ammarlar we önümçilik binalary, oba hojalyk tehnikasy we senagat kärhanalarynyň enjamlary zaýalandy" diýip, ol aýtdy.
Russiýa 3-nji sentýabrda Dunaýyň başga, esasy Reni portuny hem nyşana alyp, azyndan iki adamy ýaralady we portuň infrastrukturasyna zyýan ýetirdi.
BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşylan galla şertnamasy iýul aýynda bozulaly bäri Dunaý Ukrainanyň Gara deňiz arkaly howp-hatarsyz däne çykaryp bolýan esasy eksport ýoluna öwrüldi.
Russiýa şondan soň Ukrainanyň günortasyndaky Odesa we Mikolaýiw sebitlerine, galla eksporty üçin örän möhüm bolan portlarlaryň we infrastrukturanyň ýerleşýän ýerlerine edýän hüjümlerini artdyrdy.
Moskwa bu şertnamadan çykmagyny günbatar ýurtlarynyň Russiýa garşy girizen sanksiýalary bilen düşündirmäge çalyşdy, ýagny olaryň Russiýanyň azyk we dökün eksportynda päsgelçilik döredýändigini öňe sürdi.
Erdoganyň gepleşilmegine kömek eden şertnamasy ukrain galla eksportynyň geçen tomusdan bäri dowam etdirilmegine mümkinçilik döretdi. Esasy däne öndüriji ýurtlaryň biri bolan Ukraina 2022-nji ýylyň tomsundan bäri takmynan 33 million tonna gallany we beýleki oba hojalyk önümlerini deňiz arkaly eksport etdi we we şeýlelik bilen global üpjünçilik zynjyrlarynyň üzülmän saklanmagynyň hötdesinden geldi.
Erdoganyň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça baş geňeşçisi Akif Çagataý Kiliç Soçide, Russiýanyň kurort şäherinde iki prezidentiň arasynda geçiriljek "sammitde [galla şertnamasynyň] häzirki ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny" aýtdy.
"Biz seresap, ýöne üstünlik gazanarys diýip umyt edýäris" diýip, Kiliç “A Haber” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
"Biz bu ýerde öňbaşçy rol oýnaýarys" diýip, ol aýtdy.
Erdogan bu şertnamanyň global azyk durnuklylygy we Gara deňiz sebitinde howpsuzlygy üpjün etmek üçin örän möhümdigini aýdyp, Moskwany gabawy ýatyrmaga çagyrdy.
Ukraina öz garşylykly hüjüminiň merkezi bolan günorta frontda rus güýçlerine garşy çäkli ilerleme gazandy we gündogarda Bahmut şäheriniň golaýyndaky territoriýany yzyna aldy.
"Ukrainanyň goranmak güýçleri Melitopol sektoryndaky hüjüm operasiýalaryny dowam etdirýär. Biziň güýçlerimiz Nowodaniliwkanyň we Nowoprokopiwkanyň golaýynda üstünlik gazandy” diýip, goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 4-nji sentýabrda döwlet telewideniýesine beren düşündirişinde aýtdy.
Şeýle-de, ukrain güýçleri uruşda tozdurylan Bahmut şäheriniň golaýynda üç inedördül kilometr meýdany ele geçirdi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Paýtagt Kiýewde resmiler, geçen hepde berlen şuňa meňzeş duýduryşdan soň, şäher mekdepleriniň we kolležleriniň ählisi babatynda täze bomba howpunyň bardygyny aýtdylar.
"Kiýew polisiýasy ýene-de Kiýewdäki mekdepleriň we kolležleriň ählisinde bomba howpunyň bardygy barada habar aldy" diýip, şäheriň harby administrasiýasy 4-nji sentýabrda sosial mediada aýtdy.
Olar halka dowla düşmezligi maslahat berdiler we polisiýanyň zerur çäreleri görýändigini aýtdylar.
1-nji sentýabr, Kiýewdäki mekdepleriň okuwçylarynyň okuwa başlan ilkinji güni hem bomba howpy bilen bulandy, ýöne harby administrasiýa soň bu maglumatlaryň tassyklanmandygyny aýtdy.
Forum