Russiýanyň prezidenti 27-nji iýulda öz dogduk şäheri Sankt-Peterburgda guralýan sammitde Afrika ýurtlarynyň ýolbaşçylaryny kabul edýär. Bu kontinent häzir Moskwanyň Ukraina bilen baglaşylan galla eksporty şertnamasyndan çykmagynyň netijelerine taýýarlanýar.
Ukrainada başlan giň gerimli urşundan bäri halkara sahnasynda barha kän üzňeleşdirme bilen ýüzbe-ýüz bolan Wladimir Putin afrika ýurtlarynyň köpüsinde şindem belli bir derejede goldaw tapýar.
27-28-nji iýulda geçirilýän Russiýa-Afrika sammitine, Günorta Afrikanyň prezidenti Kiril Ramaphosa bilen birlikde, afrika ýurtlarynyň 17 lideri gatnaşar öýdülýär.
Bu sammit şu görnüşde 2019-njy ýylda Russiýanyň günortasyndaky Soçi şäherinde geçirilen ilkinji sammitden soň geçirilýän ikinji ýygnanyşyk bolar.