Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Gazagystana sapar eder


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew. 2019 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew. 2019 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 9-njy noýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana sapar etmegine garaşylýar. Bu barada gazak prezidentiniň metbugat edarasy 6-njy noýabrda mälim etdi.

Beýanata görä, Putin özüniň gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we strategiki partnýorlyk meselelerini maslahat eder.

Olaryň wideo aragatnaşyk arkaly Gazagystanyň Kostanaýi şäherinde geçjek gazak-rus 19-njy forumyna hem gatnaşmagy göz öňünde tutulan.

Mundan bir hepde töweregi wagt ozal, Astanada Türki Döwletler Guramasynyň liderleriniň maslahaty hem geçipdi.

XS
SM
MD
LG