Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Halkara aýal-gyzlar günündäki gutlagynda eneligiň 'öňünden kesgitlenen' wezipedigini aýtdy


Prezident Wladimir Putin 
Prezident Wladimir Putin 

Prezident Wladimir Putin Russiýanyň aýal-gyzlaryna Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli iberen gutlagynda garjaşyk yşarat edip, olaryň Ukraina garşy alnyp barylýan urşa goşan goşandyny öwdi we aýallaryň iň möhüm borjunyň "çagalara ýadawsyz ideg etmekden" ybaratdygyny nygtady.

Putin 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli eden ýüzlenmesinde dürli jenaýatlarda aýyplanyp tussag edilen, köpüsiniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan, göwreli ýa-da garyndaşlary Ukrainadaky urşa gatnaşýan 52 aýal-gyzyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekendigini aýtdy.

Goranmak ministrliginiň hasaplamalaryna görä, ýurduň ýaragly güýçleriniň hatarynda 30 000 töweregi aýal bar.

15-17-nji martda geçiriljek ses berişlikden öňki gaýtadan saýlanyş kampaniýasynda maşgala gymmatlyklaryny esasy mesele hökmünde öňe süren Putin, Ukrainada "söweş wezipelerini ýerine ýetirýän" aýal-gyzlara aýratyn hormatyny nygtamak bilen, çagalarynyň bolmagy aýallaryň "öňünden kesgitlenen” kesbi diýdi.

"Siz, gadyrly aýallar, gözelligiňiz, paýhasyňyz we jomartlygyňyz bilen dünýäni üýtgetmäge ukyply, ýöne esasan tebigatyň size beren iň uly sowgady, çaga dogurmak ukybyňyz üçin sagbolsun aýdýaryn. Enelik aýallaryň öňünden kesgitlenen ajaýyp wezipesidir" diýip, Putin öz wideo beýanatynda aýtdy.

2014-nji ýyldan bäri çaga dogluş derejesiniň yzygiderli peselmegi bilen, rus resmileri indi ençeme ýyl bäri ýurduň demografik ýagdaýyna üns berýärler. Häzirki wagtda, 1999-njy ýyldan bäri, bu görkeziji iň pes derejesine düşdi we, çaga doglusynyň azalmagy baradaky mesele hökümet mejlislerinde we parlament çekişmelerinde ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýar.

Kanun çykaryjylaryň köpüsi, ilatyň köpelmegine itergi bermek üçin, abortlary, çaga düşürmegi we göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanmagy çäklendirýän täze kanunlaryň işlenip düzülmegini teklip etdi.

Şu aralykda, mobilizlenen esgerleriň aýallaryndan düzülen toparlar soňky hepdelerde ärleriniň öň hatardan yzyna, öýlerine getirilmegini talap etmek üçin Kremliň daş işiginde demonstrasiýa, protest çäklerini gurady.

Putin öz wideo ýüzlenmesinde maşgala zorlugyny agzamady. Russiýadaky feminist toparlaryň aýtmaklaryna görä, 2018-nji ýylda öldürilen aýallaryň 61 göterimi içerki, maşgala zorlugynyň pidalary boldy.

Maşgala zorlugynyň öňüni almaga niýetlenen kanun taslamalary soňky ýyllarda parlamentiň aşaky palatasyna,Döwlet dumasyna 40 gezekden gowrak teklip edildi, ýöne olaryň hiç biri tassyklanmady.

Urup-ýençmek Russiýada 2017-nji ýyldan bäri jenaýat hasaplanmaýar, maşgaladaky zorluk bolsa, jerime we we birnäçe günlük tussaglyk bilen jezalandyrylýan administratiw jenaýat boldy.

Kremliň syýasata, habar beriş serişdelerine, hukuk goraýjy edaralara we beýleki guramalara berk gözegçilik etmegi Russiýany 1999-njy ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr hökmünde dolandyrýan Putiniň öňdäki saýlawda görnetin ýeňiş gazanjakdygyny we bu ýagdaýyň ýurtda garaşylmadyk, uly ösüşiň öňüni aljakdygyny yşarat edýär.

Forum

XS
SM
MD
LG