Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin iki günlük sapar bilen Özbegistana geldi


Daşkendiň aeroportunda Putini prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady.
Daşkendiň aeroportunda Putini prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady.

26-njy maýda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Özbegistana geldi. Daşkendiň aeroportunda ony prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Bu sapar Günbataryň Merkezi Aziýa döwletlerini Russiýanyň täsir giňişliginden çykarmaga synanyşýandygy baradaky käbir habarlaryň arasynda bolup geçýär.

Iki günlük sapara gabatlap, ozalky sowet respublikasynyň paýtagty Daşkendiň köçelerine rus we özbek baýdaklary dikildi.

Özbek prezidentiniň metbugat edarasynyň beren maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda “hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyk we ýaranlyk”, şeýle-de “söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek” meseleleri barada gürrüň ediler.

Halkara derňewleriň seljermelerine görä, Özbegistan gadagan edilen harytlary Russiýa geçirmek üçin esasy geçelgeleriň birine öwrülipdir.

Putin Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy doly gerimli urşa başlaly bäri, daşary ýurtlara az syýahat edýär.

XS
SM
MD
LG