Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Kremlde Trampyň wekilleri bilen duşuşdy


ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekili Stiw Witkoff we Trampyň giýewisi Jared Kuşner. Kreml. 22-nji ýanwar
ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekili Stiw Witkoff we Trampyň giýewisi Jared Kuşner. Kreml. 22-nji ýanwar

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 22-nji ýanwar agşamy Kremlde ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekili Stiw Witkoff we Trampyň giýewisi Jared Kuşner bilen duşuşdy.

Russiýanyň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sözlerine görä, gepleşikleriň esasy netijesi Orsýetiň, Ukrainanyň we ABŞ-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn iş toparynyň duşuşygyny geçirmek barada ylalaşyk gazanylmagy boldy. Gepleşikleriň 23-nji ýanwarda Abu-Dabide geçirilmegi meýilleşdirilýär.

“Roýters” agentliginiň bellemegine görä, Uşakow territorial meseleleri çözmezden durnukly parahatçylygyň gazanylmagynyň mümkin däldigini nygtady.

Stiw Witkoff 22-nji ýanwar güni irden Dawosda, Bütindünýä ykdysady forumynda guralan “Ukraina ertirlik naharynda” çykyş edip, taraplaryň Ukrainadaky urşuň soňuna çykmak üçin ylalaşyga golaýlandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, diňe bir çözülmedik mesele bolup, onuň territoriýalaryň gözegçiligi bilen baglanyşykly bolmagy çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG