Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Roždestwo baýramyny GRU işgärleri bilen belledi – Agentstwo


Wladimir Putin
Wladimir Putin

Rus Ortodoks kilisesiniň we başga-da birnäçe ybadathananyň ruhanylary 7-nji ýanwarda Roždestwo baýramyny belleýär.

Wladimir Putin bu baýramy Moskwa sebitindäki harby bazanyň çäginde ýerleşýän ybadathanada, harby razwedka (GRU) işgärleri bilen bilelikde belledi diýip, Kreml tarapyndan ýaýradylan wideolary seljeren “Agentstwo” habar berýär.

Kreml Putiniň baýramçylygy nirede belleýändigini resmi taýdan yglan etmedi, diňe ybadathananyň harbylaryň howandary hasaplanýan Georgiý Pobedonosesiň adyny göterýändigini aýtdy. Wideolarda Putiniň ybadat wagtynda harby eşik geýen adamlaryň ýanynda durandygy görkezilýär.

Kremlde işleýän žurnalist Aleksandr Ýunaşew ybadatdan öň bu wakany beýan etmegiň kyn boljakdygyny, sebäbi oňa "görkezilmesiz" adamlaryň, Ukraina garşy urşuň weteranlarynyň hem goşuljakdygyny ýazdy.

“Agentstwonyň” maglumatyna görä, ybadathana Moskwa sebitiniň Solneçnogorsk şäherindäki GRU harby bölüminiň (92154-nji harby bölüm) çäginde ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG