Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Russiýanyň "kölege flotuna" garşy hereketler sebäpli Ýewropa gämilerini ele geçirmek bilen haýbat atýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 12-nji awgustda Sahalin sebitinde Russiýanyň Ýuwaş ummany flotunyň harby türgenleşiklerini synlaýar.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 12-nji awgustda Sahalin sebitinde Russiýanyň Ýuwaş ummany flotunyň harby türgenleşiklerini synlaýar.

Rus prezidenti Wladimir Putin, eger Ýewropa Moskwanyň "kölege floty" diýlip atlandyrylýana degişlidigi güman edilýän, Russiýa bilen ilteşikli gämilerden konfiskasiýa edilen ýükleri satmaga synanyşsa, onda Russiýanyň Ýewropa ýurtlaryna degişli gämileri ele geçirjekdigini aýtdy.

Putin 12-nji awgustda Russiýanyň Ýuwaş umman flotunyň türgenleşikleriniň dowamynda eden çykyşynda Ýewropanyň Moskwanyň Günbatar sanksiýalaryndan sowa geçmegine kömek etmekde güman edilýän gämilere garşy çäreleri güýçlendirmek boýunça meýilnamalaryna salgylanyp, "Bu piratçylykdan we talaňçylykdan başga zat däl" diýdi.

"Eger bu iş ýüzünde amala aşyrylyp başlansa, biz hem şeýle jogap bermäge mejbur bolarys" diýip, ol Moskwanyň öz jogap çärelerini rus gämileriniň saklanýan suwlary bilen çäklemejekdigini aýtdy. Ol başga jikme-jik maglumat bermedi.

Günbatar hökümetleri kölege flotuny - Russiýanyň Ukraina garşy çozuşyna jogap hökmünde girizilen sanksiýalara garamazdan, rus nebit eksportynyň akymyny saklamak üçin ulanan, gizlin eýeçiligindäki ýa-da ätiýaçlandyrylan gämileriň ulgamyny - nyşana almak üçin tagallalaryny güýçlendirdiler.

Putiniň bu beýanaty, geçen aý Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasyny, şol sanda bileleşige agza ýurtlara sanksiýa girizilen ýa-da saklanan gämilerden alnan nebiti ýa-da beýleki ýükleri satmaga rugsat berýän çäreleri kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ýewropa metbugatynyň maglumatlaryna görä, Şwesiýanyň kazyýet resminamalarynda Stokgolmyň Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan böleklerinden galla daşaýandygy güman edilýän we ele salnan rus gämisini Kiýewe bermegi meýilleşdirýändigi görkezildi.

Putiniň haýbatlaryndan birnäçe gün öň, ABŞ-nyň Senaty Russiýa we Eýrana garşy giň gerimli sanksiýalar bukjasyny tassyklady. Bu sanksiýalar bukjasy, Donald Trampa Moskwanyň uruş ykdysadyýetine basyş görkezmek arkaly, ony Ukraina bilen gepleşiklere itermäge goşmaça mümkinçilik döreder.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy doly möçberli çozuşyna başlany bäri, energiýa girdejileri rus döwleti we onuň uruş tagallalary üçin möhüm girdeji çeşmesi bolmagynda galýar. Kiýew Russiýanyň urşy maliýeleşdirmek ukybyny çäklendirmek üçin rus energiýa pudagyna garşy berk sanksiýalary girizmäge çagyryş edip gelýär.

Beýleki zatlar bilen birlikde, ABŞ-nyň Wekiller öýi tarapyndan heniz tassyklanmadyk kanun taslamasy Russiýanyň kölege flotuny, şol sanda gämileri, olaryň eýelerini, operatorlaryny, ätiýaçlandyryjylaryny, portlaryny we rus nebitini hem-de sanksiýa girizilen harytlaryny daşamaga gatnaşýan beýleki araçylary nyşana alýar.

Soňky aýlarda Ukrainanyň harby güýçleri Russiýanyň kölege flotunyň gämilerine we energiýa infrastrukturasyna uzak aralykly hüjümlerini güýçlendirdiler, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bu kampaniýany Kiýewiň Moskwa garşy "uzak aralykly sanksiýalary" diýip atlandyrdy.


AFP we Reuters neşirleriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG