Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Şoýguny goranmak ministri wezipesinden boşatdy, ýerine kän bilinmeýän syýasatçyny belledi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) ozalky goranmak ministr Sergeý Şoýgu bilen (arhiw suraty)
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) ozalky goranmak ministr Sergeý Şoýgu bilen (arhiw suraty)

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň uzak wagtlyk ýarany Sergeý Şoýguny goranmak ministr wezipesinden boşatdy. Bu Russiýanyň öz içinde, Moskwanyň Ukraina garşy başladan doly gerimli urşunda öňegidişligiň azlygy we çekilýän uly ýitgiler boýunça tankytlaryň artýan döwründe boldy.

Kremliň maglumatyna görä, 66 ýaşly Şoýguny, ozalky birinji wise-premýer, ykdysady meseleler boýunça hünärmen, ady kän eşidilmedik syýasatçy, 65 ýaşly Andreý Belousow çalşyrar.

Şoýgu 2012-nji ýyldan bäri goranmak ministri bolup, ol Russiýanyň 2022-nji ýyldaky Ukraina garşy başladan doly gerimli urşunda hem öňdäki rollary eýeledi. Onuň nobatdaky wezipesiniň Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy boljakdygy mälim edildi. Bu edara prezidente milli howpsuzlyk meseleleri boýunça maslahat berýär. Kreml Şoýgunyň täze wezipe borçlarynyň arasynda, ýurduň harby pudagy bilen bagly meseleleriň hem bardygyny aýtdy.

Geňeşiň ozalky başlygy Nikolaý Patruşewiň indiki wezipesi golaý günlerde aýan ediler diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow aýtdy.

Russiýanyň Parlamentiniň Ýokarky öýi, ýagny Federasiýa Geňeşi Putiniň Sergeý Lawrory daşary işler ministr wezipesine täzeden saýlamagy teklip edendigini aýtdy.

“Putin elmydama, iň gowy wagtlarda-da, häkimiýete täze adamlary getirmekden howatyr edýärdi. Olar şahsy ymtylmasy bolmadyk, hiç kim bolmaly” diýip, Russiýa boýunça bilermen, Çikago uniwersitetiniň professory X sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy.

XS
SM
MD
LG