Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin taktiki ýadro ýaraglarynyň Belarusa indiki aý geçirilip başlanjakdygyny aýtdy


Wladimir Putin we Aleksandr Lukaşenka, 9-njy iýun, 2023.
Wladimir Putin we Aleksandr Lukaşenka, 9-njy iýun, 2023.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 9-njy iýunda Belarusyň awtoritar hökümdary Aleksandr Lukaşenka bilen geçirilen gepleşiklerde taktiki ýadro ýaraglarynyň Russiýadan Belarusa geçirilmeginiň 7-8-nji iýulda, desgalaryň gurluşygynyň tamamlanan badyna başlanjakdygyny aýtdy.

Eger-de amala aşyrylsa, bu Kremliň şeýle ýaraglary 1991-nji ýyldan bäri Russiýanyň daşynda ilkinji gezek ýerleşdirmegi bolup, Günbataryň aladalaryny güýçlendirer.

Rus häkimiýetleri 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlan giň gerimli uruşlaryndan bäri ýadro ýaraglarynyň ulanylmak ähtimallygy baradaky sözleri birnäçe gezek dile getirdiler.

XS
SM
MD
LG