Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukrainadaky urşuň dowam etdiriljekdigini, maksatlaryň üýtgewsizdigini aýtdy


Rus prezidenti Wladimir Putin
Rus prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainadaky alyp barýan urşy babatynda yza çekilmek alamatlaryny görkezmän, öňde goýlan maksatlaryň saklanýandygyny we parahatçylygyň olar durmuşa geçirilende ornaşjakdygyny aýtdy. Ol bu barada 14-nji dekabrda geçirilen ýyllyk metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy.

Geçen hepde martdaky prezidentlik saýlawlarynda bäşinji möhlet üçin dalaş etjekdigini yglan eden Putin, Russiýanyň Ukrainadaky maksatlarynyň “de-nasifikasiýadan” we “harbysyzlandyrmakdan”, şeýle-de Ukrainanyň bitaraplygyny kepillendirmekden ybaratdygyny aýtdy.

“Biz maksatlarymyza ýetenimizde, parahatçylyk bolar” diýip, 71 ýaşly Putin aýtdy.

XS
SM
MD
LG