Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin uruşda bir ýarym günlük "Pasha ýaraşygyny" yglan etdi

Ruhany Krymyň "Bars-Krym" harby bölüminiň söweşijilerine Ukraina bilen uruş üçin ak pata berýär, 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabry.
Ruhany Krymyň "Bars-Krym" harby bölüminiň söweşijilerine Ukraina bilen uruş üçin ak pata berýär, 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabry.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ukraina garşy uruşda "Pasha ýaraşygyny" yglan etdi. Kremlde 9-njy aprel agşamy aýdylmagyna görä, atyşygy bes etmek, ýaraşyk 11-nji aprelde, sagat 16:00-da başlanyp, 12-nji apreliň ahyryna çenli güýjünde bolar.

Beýanata laýyklykda, rus goşunlarynyň "ähli ugurda" söweş hereketlerini bes etmekleri tabşyryldy. Şol bir wagtda, duşmanyň mümkin bolan "prowokasiýalaryna" we "agressiw hereketlerine" gaýtawul bermek üçin, olaryň taýýar bolup durmalydygy aýdyldy.

Kreml ukrain tarapynyň hem "bu göreldä eýermegine" garaşýandygyny belledi.

Bu habar çykan wagtynda Kiýew Moskwanyň başlangyjyna hiç bir düşündiriş bermedi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenski biraz öň Kiýewiň Waşingtona Pasha baýramynda atyşygy bes etmek teklibini ýetirendigini aýtdy. Prawoslaw we grek katolikleri bu baýramy şu ýylyň 12-nji aprelinde belleýärler.

XS
SM
MD
LG