Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýiň aýtmagyna görä, Orsýetiň lideri Wladimir Putiniň doglan gününde rus raketa we dron hüjümleri Ukrainany nyşana alyp, soňky döwürdäki bu "iň nejis" hüjümleriň biri onlarça adamyň ölümine ýa-da ýaralanmagyna sebäp bolupdyr.
"Ruslar agyryly we demonstratiw häsiýetli zarba urmak islediler" diýip Zelenskiý "X" sosial ulgamynda ýazdy we 7-nji oktýabrda amala aşyrylan bu hüjümiň çäginde Ukrainanyň 12 sebitine jemi 70 sany raketanyň (olaryň köpüsi ballistik raketalardyr) we "Shahed" dronlarynyň uçurylandygyny belledi.
Ýurt boýunça heläk bolanlaryň sany 19-a ýetdi, olaryň ikisi paýtagt Kiýewde, 13-si bolsa Orsýet bilen serhetdeş bolan demirgazyk Çernigow sebitindäki Priluky şäherinde bolan hüjümiň netijesinde heläk boldy. Prilukydaky şol hüjümde çagalar bilen birlikde 50-den gowrak adam ýaralandy.
Zelenskiýiň aýtmagyna görä, rus güýçleri şol ýerde ýaşaýyş jaýyny "Putine doglan gün sowgady" hökmünde "weýran etdiler". Şeýle hem, başga ýerlerde azyndan 10 sany ýaşaýyş jaýyna we Moskwanyň "esasy nyşanalarynyň" biri bolan Ukrainanyň energetika infrastrukturasyna zeper ýetirildi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy Prilukidäki weýrançylyk ýerinden habar berende, rus hüjüminiň netijesinde şikes ýeten bäş gatly ýaşaýyş jaýyny görkezdi, Jaýyň üçekleri ýumrulyp, penjireleri döwlüpdir we töweregine galyndylar ýaýrapdyr.
Ukrainanyň polisiýasy gözleg işleriniň dowam edýändigini we halas ediş işgärleriniň weýrançylyklaryň aşagyndan jesetleri çykarýandygyny habar berdi.
Uruş şertlerindäki bäşinji gyşyň ýakynlaşmagy bilen, Orsýetiň Ukraina edýän hüjümleri gündelik ýagdaýa öwrüldi. Moskwa ozal hem ýurduň energetika infrastrukturasyna zarba urmak we sowuk howada müňlerçe adamy ýyladyşsyz ýa-da elektrik energiýasyz galdyrmak arkaly, özüniň berk talaplaryny kabul etdirmek üçin Kiýewe basyş etmäge synanyşypdy.
Ýöne şu ýyldan başlap, Kiýew Orsýetiň hüjümlerine garşy has işjeň jogap berip başlady. Bu jogaplar Orsýetiň çägindäki harby we energetika desgalaryna uzak aralykdan, şeýle-de Ukrainanyň basyp alnan gündogar we günorta sebitlerindäki möhüm logistika merkezlerine orta aralykdan urulýan zarbalary öz içine alýar.
Gara deňizde tankere zarba uruldy
Russiýanyň soňky hüjümlerinden soň, Zelenskiý Kiýewiň "adalatly jogaplary" barada maglumat berdi. Ol ukrain güýçleriniň 7-nji oktýabr gijesinde Orsýetiň iki sany nebit desgasy bilen bir harby türgenleşik meýdançasyny nyşana alandygyny aýtdy we: "Gara deňizde hem jogap berildi" diýip belledi.
Birnäçe sagat öň Orsýetiň Ulag ministrligi, ýurduň günortasyndaky kaşaň dynç alyş merkezleri bilen tanalýan iri Soçi şäheriniň golaýynda Liberiýanyň baýdagy astyndaky bir tankere "deňiz dronlary" tarapyndan hüjüm edilendigini habar beripdi.
Ministrlik hüjümden soň güýçli ýangynyň ýüze çykandygyny we Gara deňziň ýüzünde "çig nebitiň açyk ýanýandygyny" habar berdi. Soňra olar ählisi Hindistanyň raýatlary bolan 23 adamlyk ekipažyň halas edilendigini we ýangynyň öçürilendigini goşmaça bellediler.
Ukrainanyň "BlackSeaNews" gözegçilik saýtynyň maglumatyna görä, bu gämi Orsýetiň "kölege floty" diýlip atlandyrylýan ulgamynyň — ýagny rus ýangyjyny daşamak we sanksiýalardan gaçakçylyk etmek üçin ulanylýan gämiler torunyň bir bölegi hökmünde ulanylypdyr.
Soçi şäheriniň ýerli häkimiýetleri şäheriň kenaryna we plýažlaryna girişiň çäklendirilýändigini habar berdiler. Ukrainanyň Orsýetiň günortasyndaky energetika desgalaryna öň amala aşyran hüjümleri nebit syzmalaryna, plýažlaryň ýapylmagyna we zäherli gara ýagyşlaryň ýagmagyna sebäp bolupdy.
Bu wakalar ABŞ-nyň uzak wagtlap dowam edýän urşy diplomatik ýol bilen çözmek boýunça gepleşikler geçirmäge bolan gyzyklanmasynyň täzeden artýan wagtyna gabat geldi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp munuň öz prezidentlik döwrüniň esasy maksatlarynyň biridigini köpden bäri aýdyp gelýän bolsa-da, Kiýewiň we Moskwanyň gepleşiklerdäki garaýyşlarynyň arasynda entegem uly tapawut saklanyp galýar.
Orsýetiň takmynan bäş ýyl mundan ozal başlan giň gerimli çozuşyndan bäri, Kreml özüniň esasy talaplary, şol sanda rus goşunlarynyň entegem basyp alyp bilmedik daýanç nokady bolan Ukrainanyň gündogaryndaky möhüm Donetsk sebitine doly gözegçilik etmek meselesi boýunça hiç hili ylalaşyga gelmäge isleg bildirmedi.