Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Qazaq Air”, dron hüjümlerinden soň, Kazan gatnawlaryny togtatdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Gazagystanyň “Qazaq Air” kompaniýasy 3-nji aprelde Merkezi Aziýa ýurdunyň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe şäherinden Russiýanyň Tatarystanyň paýtagty Kazana uçýan uçarlaryň gatnawyny 5-nji aprelde, anyklaşdyrylmadyk möhlete çenli togtadandygyny aýtdy.

Bu habar Tatarystanyň Ýelabuga we Nižnekamsk şäherlerinde ýerleşýän senagat desgalaryna gönükdirilen pilotsyz uçar hüjüminiň yz ýanyndan ýaýrady.

Bu Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başlan urşuna garşy göreşýän ukrain goşunlarynyň Russiýanyň has içindäki nyşanalara uran zarbasy bolup, 14 adamyň, şol sanda sekiz ýurtdan gelen daşary ýurtlularyň hem ýaralanmagyna sebäp boldy.

Kiýew bu hüjümiň jogapkärçiligini resmi taýdan öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG