ABŞ-da kazyýet 59 ýaşly Raýan Ruty 2024-nji ýylda Florida ştatynyň Uest-Palm-Biç şäherindäki golf klubunda Donald Trampyň janyna kast etmek synanyşygy bilen baglylykda ömürlik azatlykdan mahrum etdi we goşmaça ýedi ýyl tussaglygy berdi.
Rut bäş federal jenaýat aýyplamasy boýunça günäli tapyldy. Olaryň arasynda ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgäriň janyna kast etmek synanyşygy, federal gullukça hüjüm etmek we ýarag saklamak bilen baglanyşykly birnäçe hukuk bozulmalary bar.
Saýlaw kampaniýasy döwründe Donald Trampyň janyna iki gezek kast etmäge synanyşyldy.
13-nji iýulda Pensilwaniýada geçirilen saýlaw mitinginde 20 ýaşly Tomas Metýu Kruks Trampa ýarym-awtomat tüpeňden ot açdy. Kruks ýygnanyşyga gatnaşyjylaryň birini öldürdi, ýene üç adamy ýaralady. Oklaryň biri Trampyň başyndan millimetrlerçe aralykdan geçip, onuň gulagyna şikes ýetirdi. Kruks şol ýerde atylyp öldürildi.
15-nji sentýabrda Floridadaky golf meýdançasynda Trampyň golf oýnap ýören pursady, Raýan Rut ýarag bilen göze ildi. Trampyň howpsuzlyk işgärleri şübheli adama garşy ok açdy, ol gaçmaga synanyşdy, emma saklandy. Aýyplama görä, Rut optiki nyşanly tüpeň bilen prezidentlige dalaşgäri atmagy meýilleşdirdi.