Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RF goşuny Zaporižiýa hüjüm edip, dört adamy ýaralady


Ukraina. 24-nji dekabr gijesi Zaporižiýa edilen hüjümiň netijeleri.
Ukraina. 24-nji dekabr gijesi Zaporižiýa edilen hüjümiň netijeleri.

Russiýany harbylary 24-nji dekabra geçilýän gije Zaporižiýa hüjüm edip, dört adamy ýaralady diýip, Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy habar berdi.

Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedrowyň sözlerine görä, rus güýçleri azyndan üç gezek howa zarbasyny urdular. Azyndan 13 sany köp kwartiraly jaýa zyýan ýetdi.

Şäher etraplarynyň birinde 50 inedördül metrlik garažda ýangyn boldy; ýangyn eýýäm söndürildi. Bulardan başga, partlama tolkuny ýangyn söndüriş stansiýasyna, administratiw jaýlara, bilim edarasyna we awtoulaglara bölekleýin zyýan ýetirdi.

Ukrainanyň Howa güýçleriniň serkerdeliginiň maglumatyna görä, Orsýet 24-nji dekabra geçilýän gije Ukraina 116 dron hüjüm etdi.

Dronlaryň saldamly bölegi Çernihow sebitindäki möhüm infrastrukturany nyşana almaga gönükdirildi. Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş güýçleri ir sagat 8:30-a çenli 60 drony urup gaçyrdy.

Ukraina häkimiýetleri we halkara guramalary raýat infrastrukturasyna we asuda ilata edilen hüjümleri Orsýetiň uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirýärler, rus häkimiýetleri hüjümleriň harby nyşanalara gönükdirilendigini öňe sürüp, bu aýyplamany ret edýärler.

XS
SM
MD
LG