Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Roýters" Moskwanyň ABŞ bilen Ukrainadaky urşy doňdurmak barada gepleşjek bolandygyny aýdýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Birleşen Ştatlar Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň konflikti doňdurmak üçin Ukrainadaky atyşygy bes etmek barada eden teklibini ara alyp maslahatlaşmakdan ýüz öwürdi diýip, "Roýters" habar gullugy bu maslahatdan habarly üç rus çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Agentligiň söhbetdeşleriniň maglumatlaryna görä, Kreml häzirki aragatnaşyk liniýalaryndaky harby operasiýalary doňdurmagy teklip etmek bilen, Russiýanyň basyp alan ukrain sebitleriniň ählisini öz ygtyýarynda galdyrmak isleýär.

Rus çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Putin 2023-nji ýylda araçylaryň, şol sanda Moskwanyň Ýakyn Gündogardaky arap hyzmatdaşlarynyň üsti bilen, Waşingtona Ukrainadaky atyşygyň bes edilmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny bildirdi.

"Amerikalylar bilen edilen aragatnaşyklardan hiç bir netije çykmady" diýip, 2023-nji ýylyň ahyrynda we 2024-nji ýylyň başynda edilen maslahatlardan habarly çeşme, ýokary derejeli rus resmisi “Roýters” habar gullugy bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde söhbetdeşliginde aýtdy.

Başga bir rus çeşmesiniň sözlerine görä, ABŞ araçylaryň üsti bilen Moskwa mümkin bolan ýaraşyk meselesini Ukrainanyň gatnaşmazlygynda ara alyp maslahatlaşmajakdygyny aýtdy we şu sebäpden gepleşikler şowsuz tamamlandy.

Bu gepleşiklerden habarly üçünji çeşme “Amerikalylar bilen edilen synanyşyklaryň hemmesi puç boldy” diýdi.

XS
SM
MD
LG