Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rubio: Ukraina baradaky ylalaşmazlyklar boýunça jedelli meseleleriň sanawy kiçeldi, emma soraglar saklanýar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda konflikti düzgünleşdirmek boýunça tagallalaryň çäginde çözülmedik meseleleriň sanawy ep-esli azaldy, emma olaryň “iň agyrlary” henizem çözülmän galýar diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio aýtdy.

“Biz hakyky öňegidişlik gazanandygymyza ynanýarys. Eger geçen ýylyň şu döwri bar bolan açyk meseleleriň sanawyna seredip, häzirki wagtda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda sebit derejesindäki parahatçylyk ylalaşygy boýunça galan açyk meseleleriň sanawy bilen deňeşdirsek, ol ep-esli gysgalypdyr” diýip, Rubio aýtdy.

Onuň sözlerine görä, munuň özi gowy habardyr. Ýaramaz tarapy bolsa, döwlet sekretarynyň bellemegine görä, “iň agyr meseleler saklanyp galýar” we uruş dowam edýär.

Marko Rubio ABŞ-nyň gepleşik prosesine ygrarlylygyny mundan beýläk-de saklamagy maksat edinýändigini nygtady.

XS
SM
MD
LG