Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýa gyzamyk epidemiýasyny yglan etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Rumyniýanyň Saglyk ministrligi ýurt derejesinde gyzamyk epidemiýasyny yglan etdi. Bu ýurtda soňky wagt gyzamyga duçar bolýanlaryň sanynyň howatyr dörediji derejede artmagynyň arasynda bolup geçýär.

“Ministrlik 9-11 ýaşyndaky çagalara waksina urmak, şeýle-de muny etdirmedik uly ýaşly çagalary waksinirlemek tagallalaryny ilerletmek üçin, ýurt derejesinde epidemiýa yglan edýär” diýip, 5-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

Maglumata görä, Rumyniýada gyzamyga ýolugan täze 2 müň ýagdaý hasaba alnypdyr.

XS
SM
MD
LG