Kreml tankytçysy Wladimir Kara-Murza Russiýanyň iň berk türme düzgüni şertlerine geçirilip, alty aýlap bir kamera görnüşindäki desgada, beýleki tussaglardan aýrybaşga ýerde oturmaly edildi diýip, onuň ozalky aklawçysy Wadim Prohorow aýtdy.
Omsk şäherindäki iň berk düzgünli türmäniň administrasiýasy, hamala, ellerini birnäçe sekunt arkasynda saklamak düzgünini berjaý edip bilmändigi üçin, Kara-Murzany türmäniň içindäki türmä, has berk düzgünli desga geçirdi diýip, Prohorow sözüniň üstüni ýetirdi.
Kara-Murza 2023-nji ýylyň aprelinde döwlete dönüklik etmek we rus harbylaryny biabraý etmek aýyplamalary esasynda 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol bu aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdyp, özüne bildirilen günäleri ret etdi.