Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Dnepr we Harkow şäherlerine zarba urdy, 14 adam ýaralandy

Harkow görnüşi. Arhiw suraty
Harkow görnüşi. Arhiw suraty

Rus goşunlary 10-njy marta geçilýän gije Ukraina 137 sany dron bilen hüjüm edip, Dnepr we Harkow şäherlerinde 14 adamy ýaralady diýip, Ukrainanyň Howa güýçleriniň serkerdeligi habar berdi.

Howa hüjüminden goranyş güýçleri, deslapky maglumatlara görä, sagat 8:00-a çenli 122 drony urup gaçyrdy.

Dnepropetrowsk sebit harby administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Ganža Dnepropetrowsk şäherine urlan gijeki zarbalarda 10 adamyň, şol sanda 12 ýaşly oglanyň ýaralanandygyny habar berdi. Administratiw bina, köp gatly jaýlara we awtoulaga zyýan ýetdi.

Harkowda dört adam, şol sanda 17 ýaşly gyz ýaralandy. Harkow sebit harby dolandyryşynyň başlygy Oleg Sinegubowyň sözlerine görä, rus güýçleri şäheriň Holodnohirskiý etrabyna zarba urup, üç sany hususy jaýa we awtoulaga zyýan ýetirdiler.

XS
SM
MD
LG