Rus goşunlary 7-nji ýanwara geçilýän gije Dnepre hüjüm edip, ýedi adamy, şol sanda iki çagany ýaralady diýip, sebit harby administrasiýanyň wagtlaýyn başlygy Wladislaw Gaýwanenko habar berdi.
Şäher häkimi Boris Filatowyň sözlerine görä, adamlaryň köpüsi ýiti stres reaksiýalaryndan ejir çekýär, ýöne demir gyýçaklaryndan ýaralananlar hem bar.
Köp gatly jaýlaryň 10-dan gowragynyň penjire aýnalary döwüldi, bir jaýyň golaýyndaky ýyladyş ulgamlaryna zyýan ýetdi.
Mundan başga, hünärment mekdebiniň ussahanasyna we okuwçylaryň umumy ýaşaýyş jaýyna, iki çagalar bagyna, bir mekdepe we awtoulaglara zyýan ýetdi.
Sinelnikowsk etrabynyň Wasilkowskiý jemgyýetinde hususy jaý ýandy.
7-nji ýanwara geçilýän gije Orsýet Ukraina bir "Iskander-M" ballistik raketasy we 95 dron bilen hüjüm etdi.
Howa hüjüminden goranyş güýçleri ir sagat 7:30-a çenli bir raketany we 81 drony urup gaçyrdy.