Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Zaporižiýa, Poltawa şäherlerine hüjüm edip, üç adamy öldürdi

Zaporižiýa etraby. Arhiw suraty
Zaporižiýa etraby. Arhiw suraty

Rus goşunlary Zaporižiýa uly dron we raketa zarbalaryny urdy, netijede bir adam öldi we dokuz adam ýaralandy diýip, sebit harby administrasiýanyň başlygy Iwan Fedorow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, 20 sany köp gatly jaýa, alty sany hususy jaýa, bir dükana, ýaşaýyş däl jaýlara we senagat infrastrukturasy desgasyna zyýan ýetdi.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy zarbanyň köp gatly jaýda ýangyna sebäp bolandygyny anyklady. Ýük awtoulaglary we ýeňil awtoulaglar hem ýandy, partlama tolkuny dürli jaýlara zyýan ýetirdi.

Poltawada we Poltawa sebitinde iki adam öldi, ýedi adam, şol sanda bir çaga ýaralandy. Ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we senagat desgalary zyýan çekdi. Halas edijiler wakanyň bolan ýerlerinde işleýärler we arassalaýyş işleri dowam edýär diýip, Döwlet adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG