Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kazyýeti AÝ/AR-nyň žurnalistini 5-nji dekabra çenli tussaghanada saklamaly etdi


Alsu Kurmaşewa
Alsu Kurmaşewa

Russiýanyň kazyýeti Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewany, "daşary ýurt agenti" hökmünde hasaba alynmazlygy sebäpli tussag edileninden birnäçe gün soň, 5-nji dekabra çenli deslapky tussaglykda saklamagy buýurdy.

Kazanyň Sowet etrap kazyýeti 23-nji oktýabrda Kurmaşewanyň aklawçysynyň tussaglygy öz içine almaýan çäre baradaky haýyşyny ret edip, muňa derek ony 5-nji dekabra çenli Kazandaky deslapky tussaghanada saklanmaly etdi.

Kurmaşewanyň aklawçysy Edgar Matewosýan kazy Mars Ganeýewiň kararynyň "gaty ýowuz" bolandygyny we ondan şikaýat etjekdigini aýtdy.

"Biz bu günki diňlenişigiň netijesinden örän lapykeç bolduk" diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýerine ýetiriji prezidenti Jeffri Gedmin aýtdy.

XS
SM
MD
LG