Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus polisiýasy täjigistanly migrantlaryň ýaşaýan ýerine reýd geçirdi


3-nji aprelde düşürilen wideodan alnan suratlar
3-nji aprelde düşürilen wideodan alnan suratlar

Russiýanyň pitnä garşy göreşýän polisiýasy 3-nji aprelde täjigistanly migrantlaryň umumy ýaşaýyş jaýyna kürsäp urup, gapylary we penjireleri döwdi, resminamalaryny barlamak üçin 60-dan gowrak adamy özleri bilen alyp gitdi.

Migrantlaryň sözlerine görä, birnäçe adam jerime töläninden soň boşadyldy, ýöne saklananlaryň aglaba köplügi deportasiýa edilmeli edildi.

Jerime salnan migrantlar indi gorky astynda ýaşaýandyklaryny aýtdylar.

“Men nirä gitjegimi, näme etjegimi bilemok. Men hatda dükana-da gorka-gorka baryp gelýärin. Men mäme bolýandygyna düşünemok. Iki ýa-da üç adam sebäpli ähli täjigistanly ejir çekýär. Olara seniň hemme resminamaň düzüw bolmagy möhüm däl – çykaryp kowýarlar. Meniň agam ýakynda saklanyp, Russiýa girmekden ömürlik mahrum edildi. Sebäbini soranda, munuň şeýle bolmagyny isleýändiklerini aýdyp jogap berdiler we hiç zat düşündirmediler" diýip, migrantlaryň biri gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG