Rus goşunlarynyň soňky bir günde Ukrainanyň gündogaryndaky we günorta-gündogaryndaky ýaşaýyş ýerlerine atan top oklary netijesinde azyndan bäş parahat adam öldi, birnäçe adam bolsa ýaralandy diýip, häkimiýetler 8-nji noýabrda aýtdy.
Gündogardaky Donetsk sebitinde bir oba atylan top oky üç adamy öldürdi diýip, Ukrainanyň baş prokuraturasy 8-nji noýabrda aýtdy we bu hadysa bilen baglylykda Russiýanyň uruş kanunlaryny bozandygy barada derňew işleriniň başlanandygyny hem sözüne goşdy.
"Rus goşuny Wolnowa etrabynyň Bahatyr obasyna, belki-de, tapgyrlaýyn top atýan “Smerç” raketa ulgamy bilen zarba urdy" diýip, baş prokuroryň beýanatynda aýdylýar.
"Zarbanyň gönükdirilen ýeri gür ilatly ýaşaýyş ýeri bolup, onuň golaýynda hiç bir harby desga ýok. Partlamalar netijesinde ondan gowrak hususy jaý zyýan gördi we ýykyldy” diýip, ol aýtdy.
58 ýaşly bir erkegiň, 60 ýaşly aýalyň we olaryň 33 ýaşly goňşusynyň jesetleri ýumrulan jaýyň harabalygynyň aşagyndan tapyldy diýip, beýanatda aýdyldy.
Harkow sebitinde, Russiýanyň Kupýansk töweregine atan toplary netijesinde, Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, 57 ýaşly bir raýat öldürildi we üç sany polisiýa işgäri ýaralandy.
Günortadaky Herson sebitine atylan rus toplary bolsa, azyndan bir parahat adamy öldürdi, bir parahat adamy bolsa ýaralady diýip, sebit häkimi Oleksandr Prokudin 8-nji noýabrda habar berdi.
"Soňky bir günde duşman 108 hüjüm edip, minomýotlardan, artilleriýadan, “Grad” raketa atyjy enjamlaryndan, tanklardan, pilotsyz uçarlardan we uçarlardan 538 sany top okuny atdy. Duşman Herson şäherine 16 sany top okuny atdy" diýip, Prokudin telegramda ýazdy. Ol rus goşunynyň beýleki ýaşaýyş ýerlerini we Herson etrabynda ýerleşýän zawody hem nyşana alandygyny aýtdy.
Söweş meýdanynda, ukrain goşunynyň baş ştabynyň 8-nji noýabrdaky gündelik hasabatynda aýdylmagyan görä, ukrain güýçleri geçen bir günüň dowamynda front hatarlarynda 45 sany ýakyn söweş çaknyşygyna gatnaşdy.
Harbylar rus goşunlarynyň Donetsk sebitindäki Awdiýiwka şäherini gabamak synanyşyklaryny dowam etdirýändigini, ukrain goragçylarynyň soňky bir günüň dowamynda bu ýerde 14 hüjümi yzyna serpikdirendigini aýtdylar.
Rus güýçleri soňky birnäçe hepdede, geçen ýylyň fewral aýynda Moskwanyň sebäpsiz çozmagy netijesinde başlanan urşuň dowamynda guralan iň ganly söweşleriň birinde, Awdiýiwkany basyp almak üçin gaýta-gaýta hüjüm etdiler.
Prezident Wolodymyr Zelenski 7-nji noýabrda, sowuk howa möwsüminde ýurduň energiýa infrastrukturasyna gönükdirilen rus howa zarbalarynyň güýçlendirilmegine taýynlyk görüp, Günbataryň beren NASAMS howa goragy ulgamlarynyň has köp ýerleşdiriljekdigini habar berdi.
"Hyzmatdaşlardan gelip gowşan goşmaça NASAMS ulgamlary söweş ýagdaýyna geçirildi” diýip, Zelenski telegramda ýazdy. "Biziň howa goragymyz öz wagtynda, gyşdan öň güýçlendirilýär" diýip, ol ýerleşdirilen goşmaça NASAMS-laryň sanyny görkezmän, sözüniň üstüni ýetirdi.
Russiýanyň geçen gyş Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna ýygy-ýygydan uran raketa we dron zarbalary adam heläkçiliklerine sebäp boldy we millionlarça adamyň aýazly sowuk howada garaňkylykda galyp, uly kösençlik çekmegine getirdi.
NASAMS-lar ýa-da Milli kämilleşdirilen ýerüsti-howa raketa ulgamlary, ABŞ we Norwegiýa tarapyndan bilelikde döredilen ýokary ykjamlykdaky gysga we orta aralyk howa goragy ulgamy bolup, Ukraina ilkinji gezek geçen ýylyň noýabr aýynda iberildi.
Forum