Ukrain goşuny Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krymy ýene nyşana alyp, habar berilmegine görä, Russiýanyň howa goragy ulgamyny weýran etdi, bir gün öň ol ýerdäki rus söweş gämilerine agyr zyýan ýetirilipdi.
Ukrainanyň aňtaw çeşmesiniň “Roýters” habar gullugyna aýtmagyna görä, Russiýanyň Ýewpatoriýanyň golaýyndaky howa goranyş ulgamy öten agşam Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy we deňiz güýçleri tarapyndan gurnalan pilotsyz uçar we raketa hüjümi netijesinde weýran edildi.
Ukrainanyň "Prawda" gazeti hem, ukrain aňtaw çeşmesine salgylanyp, S-400 howa goragy ulgamyna zarba urlandygyny habar berdi.
Ukrain harbylarynyň metbugat wekili Natalýa Humenýuk Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna Ýewpatoriýadaky we onuň töweregindäki partlamalar barada beren düşündirişinde Krymda zarba urlan ýerleriň ählisiniň "Russiýanyň agressiýasy" bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolar we suratlar Krymyň günbataryndaky Ýewpatoriýada we onuň töwereginde bolandygy aýdylýan partlamalary görkezýär.
Russiýanyň Goranmak ministrligi biraz öň Ukrainanyň Kryma garşy gurnan hüjüminiň öňüni alyp, 11 pilotsyz uçary ýok edendigini aýtdy.
Şeýle-de, ministrlik Gara deňizdäki “flot patrul gämisine, Sergeý Kotowa” bäş sany suwasty dron bilen edilen hüjümiň öňüni alandygyny aýtdy.
Russiýanyň Kursk sebitine atylan ukrain toplary bir adamyň ölmegine we elektrik üpjünçiliginiň bozulmagyna sebäp boldy diýip, sebit häkimi Roman Starowit Telegramda ýerleşdiren habarynda aýtdy.
Ukraina ýurduň günortasyna atylan rus toplarynyň bir çaganyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy.
Sebit prokuraturasy Herson sebitiniň Nowodmytriwka obasyna atylan rus toplarynyň alty ýaşly bir oglany öldürendigini, dört adamy, şol sanda merhumyň 13 ýaşly doganyny ýaralandygyny habar berdi.
"Duşman toplary hususy jaýa we onuň töweregine gelip urdy” diýip, Telegramda berlen beýanatda aýdylýar.
Ukrain howa güýçleriniň serkerdeligi 14-nji sentýabrda öten agşam Russiýanyň ýurduň günortasyna we demirgazygyna, Mikolaýiw, Zaporižýa, Dnipropetrowsk we Sumy sebitlerine ugradan 22 pilotsyz uçarynyň 17-sini urup gaçyrandygyny aýtdy.
Rus harbylary we habar gulluklary mundan öň ýurduň howa gämilerine garşy bölümleriniň Ukraina bilen serhediň golaýyndaky iki sebite, Russiýanyň günortasynda ýerleşýän Brýanska we Belgoroda aralaşan ukrain dronlaryny urup ýykandyklaryny habar berdiler. Pidalar ýa-da çekilen ýitgiler barada habar berilmedi.
Soňky hüjümler Russiýanyň Gara deňiz flotunyň Krymdaky esasy bazasyna, Sewastopol şäheriniň gämi abatlaýyş kärhanasyna urlan ukrain zarbasyndan bir gün soň boldy.
"Roýters" habar gullugy, ukrain aňtaw gullugynyň işgärine salgylanyp, bu hüjümde bir uly gäminiň we suwasty gäminiň urlandygyny, olara bejerip, abatlamak bolmajak derejede zyýan ýetendigini aýtdy.
"Bular düýpli zyýanlar boldy. Biz indi olaryň dikeldilmeden geçendigini ýokary ähtimallyk bilen aýdyp bileris" diýip, Andri Ýusow “Roýters” habar gullugyna aýtdy, ýöne gämilere haýsy ýaraglar bilen zarba urlandygyny anyklaşdyrmady.
Angliýanyň “Sky News” neşiri, ady aýdylmadyk günbatar we ukrain çeşmelerine salgylanyp, Kiýewiň bu hüjümde Britaniýanyň beren uzak aralyk raketalaryny, “Storm Shadow” ganatly raketasyny ulanandygyny habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň sebitleýin habar beriş serişdesi, “Krym.Reallyklary” neşiri bu ýerde azyndan ýedi partlamanyň eşidilendigini, sarsgyn tolkunlarynyň penjireleri döwüp, asmanda ýiti şöhleleriň we tüsse dumanynyň görnendigini habar berdi.
2014-nji ýylda Ukrainadan bikanun anneksiýa edilen ýarym adadaky strategiki gämi abatlaýyş kärhanasy Russiýanyň Gara deňiz flotunyň gämilerini we suwasty gämilerini gurmak we abatlamak işlerini ýerine ýetirýär. Rus floty Ukraina garşy köp sanly pilotsyz uçar we raketa hüjümini amala aşyrdy.
Forum