Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus tussaglygyndaky merkezi aziýalylar Moskwanyň urşuna goşant goşmaga mejbur edilýär


Bezezg suraty
Bezezg suraty

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna gowşan tussag hatlaryndan görnüşine görä, Russiýanyň Samara şäherindäki jeza öýünde jezalaryny çekýän merkezi aziýaly tussaglar Russiýanyň Ukrainadaky urşuna goşant goşmakda, ýurduň ýaragly güýçleri üçin harby enjamlary öndürmek işlerinde ulanylýar.

Ol hatlaryň birini Özbegistanda doglan etniki täjik Zafar Ýakubow ýazypdyr. Ol 2018-nji ýylyň aprelinde Russiýada gadagan edilen dini guramanyň, Hizb ut-Tahrir yslam toparynyň agzasy bolandygy üçin aýyplanmazyndan öň Tatarystanda ýaşapdy. Ikinji hat anonim ýagdaýda ýazylypdyr, ýöne onda Ýakubow hem ýatlanyp geçilýär.

“Memorial” adam hukuklary topary tarapyndan syýasy tussag hökmünde ykrar edilen Ýakubowyň ýazmagyna görä, jeza öýüniň ýolbaşçylary Merkezi Aziýadan bolan tussaglary türmäniň içindäki zawodda Ukrainadaky urşa gatnaşýan ýaragly güýçler üçin harby enjamlary öndürmäge mejbur edýär.

XS
SM
MD
LG