Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus türmesindäki drama zamun alyjylaryň öldürilmegi bilen soňlandy

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Russiýanyň Don boýundaky Rostow şäherinde ýerleşýän tussag merkeziniň iki düzediş işgäri 16-njy iýunda, ýörite güýçleriň bu desga hüjüm etmegi netijesinde, zamun alan tussaglardan azat edildi.

Russiýanyň Federal jeza çäresi gullugy (FSIN) iki düzediş işgäriniň şikes ýetmezden boşadylandygyny, olary zamun alan tussaglaryň öldürilendigini tassyk etdi.

Don boýundaky Rostowyň ýaşaýjylary tussag merkeziniň golaýynda ýerli wagt bilen günortan wagtlarynda ýarag seslerini eşidendiklerini habar berdiler.

Resmiler pitnä garşy polisiýanyň bu wakadan gysga wagt soň bina zabt edendigini aýtdylar. Ýerli habar serişdeleriniň käbiri tussaglaryň hem käbiriniň öldürilendigini habar berdiler.

“Baza” alty tussagyň kameralarynyň penjirelerindäki gözenekleri goparyp, nobatçylyk çekýän ofiserleriň bölümine girendiklerini habar berdi. Olar bu ýerde iki düzediş işgärini zamun alyp, ýarag, awtoulag we açyk geçelge döredilmegini talap edipdir.

Bu alty adam terrorçylykda aýyplanan adamlar bolup, olaryň käbiriniň “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary bilen ilteşikli bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG