82 ýaşly rus ýazyjysy, Perm şäherindäki parkda kitabyny satýan wagty bir ýaş ýigide urşa gitmezlik barada aýdan sözlerinden soň, Moskwanyň Ukrainadaky urşuna gatnaşýan rus harbylarynyň abraýyny gaçyrmakda aýyplandy.
Ýazyjy Aleksandr Nikonowyň aklawçysy Artýom Faizulin 20-nji iýunda öz müşderisi bilen gürleşen adamyň polisiýa baryp, ýazyjynyň üstünden arz edendigini aýtdy.
Nikonow ol ýigide Ukrainadaky urşa gitmezligi we muňa derek oppozisiýa aktiwistleriniň Russiýanyň agressiýasy barada aýdýan zatlaryny diňlemegi maslahat beripdir.
Sülçüler şondan soň Nikonowyň kitaplaryny gözden geçirdiler we olaryň "Russiýa Federasiýasynyň ýaragly güýçlerini biabraý etmäge gönükdirilen edebiýatdygy” baradaky netijä geldiler.