Ruslar üç günlük prezident saýlawynyň ilkinji gününde ses bermäge başladylar, bu saýlawda prezident Wladimir Putiniň görtnetin ýeňiş gazanmagyna garaşylýar. Başgaça pikirlenýänlere, azat metbugata garşy ulanylan rehimsiz basyşlar, islendik çynlakaý garşydaşynyň bäsleşige goşulmagynyň gadagan edilmegi onuň dolandyryşyny ýene alty ýyl uzaltmagyna getirer öýdülýär.
Azat we adalatly bolmagyna garaşylmaýan ses berişlik Putiniň 2022-nji ýylyň fewral aýynda goňşy ýurda, Ukraina garşy başlan giňişleýin hüjüminden bäri Russiýada geçirilýän ilkinji uly saýlaw bolup durýar.
25 ýyl töweregi wagt bäri prezident ýa-da premýer-ministr bolup işlän 71 ýaşly Putin, üç sany pes derejeli syýasatçy - Liberal Demokratik partiýanyň lideri Leonid Slutskiý, Döwlet dumasynyň başlygynyň orunbasary, “Täze halk” partiýasyna wekilçilik edýän Wladislaw Dawankow, Döwlet dumasynyň kanun çykaryjysy, Kommunistik partiýa wekilçilik edýän, syýasy pozisiýalaryny Putiniňkiden kän tapawutlandyryp bilmeýän Nikolaý Haritonow bilen bäsleşýär.
60 ýaşly, urşa garşy syýasatçy Boris Nadeždin bäsleşige goýberilmedi, Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy geçen aý onuň gol toplamakda nädürslüge ýol berendigini öňe sürüp, kandidat hökmünde bellige alynmaýandygyny aýtdy. Nadeždin bäsleşige goýberilmezligi baradaky kararyň üstünden şikaýat etdi, emma MSK-nyň karary Russiýanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan hem goldanyldy.
"Wladimir Putini şu gün başlanýan saýlawlarda gazanjak ynamly ýeňşi bilen gutlamak isleýärin" diýip, Ýewropa geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel öňki twitterde, X platformasynda kinaýa bilen ýazdy.
"Oppozisiýa ýok. Azatlyk ýok. Saýlaw ýok" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ilkinji saýlaw uçastogy Russiýanyň Uzak Gündogarynda, 15-nji martda, ýerli wagt bilen ir sagat 8-de (Moskwa wagtynda 14-nji martda, agşam sagat 11-de) açyldy. Gün geçmegi bilen, saýlawçylar ýurduň 11 wagt zolagynda, şeýle hem Moskwanyň bikanun anneksiýa eden ukrain sebitlerinde 100,000 töweregi saýlaw uçastogynda ses bererler.
MSK, Moskwa wagty bilen ir sagat 10 töwereginde, 110 million saýlawçynyň 2,89 göteriminiň eýýäm ses berendigini aýtdy. MSK-nyň başlygy Ella Pamfilowanyň pikiriçe, bu san irki ses berenleri hem öz içine alýar.
Onlaýn arkaly ses bermäge synanyşýan adamlaryň käbiri problemalaryň bardygyny habar berdiler, ýöne resmiler olara elektron nobatda durandyklarynyň, "azajyk garaşmalydygynyň ýa-da soň ses bermäge gaýdyp gelmelidiginiň" aýdylandygyny aýtdylar.
Döwlet pudagyndaky işgärleriň 15-nji martda, irden ses bermäge çagyrylýandygy habar berildi. “Golosyň”, saýlawçylaryň hukuklary hereketiniň egindeş başlygy Stanislaw Andreýçuk bu görkezmäniň “işçileriň başlyklarynyň berk gözegçiligi astynda ses bermegini” gazanmak maksadyndan ugur alýandygyny aýtdy.
Ukraina we Günbatar hökümetleri Russiýanyň basylyp alnan ukrain sebitlerinde geçirilýän ses berişligini bikanun diýip atlandyrdy.
Saýlaw netijeleriniň 18-nji martda yglan edilmegine garaşylýar.
Putiniň duşmanlarynyň türmede, sürgünde bolmagy ýa-da ölen bolmagy bilen, gazanyljak netijede hiç bir güman ýok. Mart aýynyň başynda VTsIOM tarapyndan geçirilen soragnamada ses bermek isleýän raýatlaryň 75 göterimi KGB-nyň daşary ýurtlardaky aňtaw gullugynyň öňki işgäri Putine ses berjekdiklerini aýtdy.
Garaşsyz habar beriş serişdelerini we adam hukuklaryny goraýjy toparlary rehimsiz basyp ýatyrmak ugrunda görülýän çäreler 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlnanan giň gerimli uruşdan hem öň başlandy. Ýöne bu basyp ýatyrmalar şondan bäri has-da güýçlendirilýär.
Saýlaw uçastoklary açylmazyndan takmynan bir aý öň Putiniň iň tanymal tankytçysy, oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny, syýasy sebäpler esasynda çykarylan türme hökümini berjaý edýän ýerinde, Arktikanyň izolirlenen türmesinde gümürtik ýagdaýlarda aradan çykdy.
Synçylaryň köpüsi, garaşsyz gözegçilik etmek mümkinçiliginiň çäklidigi sebäpli, saýlawlaryň azat we adalatly bolmagyna garaşmaýandyklaryny aýdýarlar.
Nadeždin özüniň synçylary toplajakdygyny aýtdy, ýöne saýlaw uçastoklaryna diňe bellige alnan kandidatlaryň ýa-da döwlet tarapyndan goldanýan geňeş guramalarynyň synçylarynyň gözegçilik edip biljekdigini nazara alsaň, onuň nähili netije gazanjakdygy belli däl.
"Bu hakykatadanam hakyky saýlaw bolar diýip dünýäde kim pikir eder?" diýip, ABŞ-nyň Moskwadaky öňki ilçisi Maýkl MakFol ses berişligiň öňüsyrasynda "Häzirki zaman" neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Rus dilinde gürlän MakFol ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň we dünýäniň beýleki demokratiýalarynyň administrasiýasynyň bu saýlawlar adalatly saýlaw mümkinçiligini döretdi diýmejekdigine ynanýandygyny, ýöne olaryň Putini Russiýanyň prezidenti hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürjekdiklerine şübhelenýändigini aýtdy.
“Munuň dogry çäre boljakdygyna ynanýaryn, ýöne prezident Baýdeniň [Putin] Russiýanyň prezidenti däl diýip aýtmagyna garaşmaýaryn. Beýleki liderler hem muny etmezler, sebäbi olar Putin bilen haýsydyr bir görnüşde aragatnaşyk saklamak isleýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Nawalny ölmezinden ozal ses berişligi ulanyp, halkyň uruşdan we Putiniň demir-gysaç dolandyryşyndan nägileligini görkezmek mümkinçiliginiň döremegine umyt edipdi. Ol saýlawçylary 17-nji martda, öýlän sagat 12-de ses bermäge çagyrdy. Ol bu çäräni “Putine garşy günortanlyk” diýip atlandyrdy. Onuň aýaly we beýlekiler şondan bäri bu protestleriň geçirilmegine çagyrmagy dowam etdirýärler.
Bu strategiýanyň näderejede işlejekdigi entek belli däl. Moskwanyň ýokary hukuk goraýjy edarasy 14-nji martda Russiýanyň paýtagtyndaky saýlawçylara bu herekete gatnaşmak baradaky çagyryşlara gulak asmazlyk duýduryşyny berdi.
Forum